Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Azeri bloggeri tussag edildi


Azerbaýjanly tanymal blogger ýurdy terk etmäge synanyşan mahaly tussag edildi.

Azerbaýjanda Habarçylaryň azatlygy we howpsuzlygy boýunça institutyň işgäri Mehman Hüseýnow 10-njy noýabrda Gürjüstanyň paýtagty Tbilisä syýahat etmäge synanyşan mahaly Bakuwyň aeroportunda tussag edildi. Tbiliside Hüseýnowyň Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň “Günorta Kawkazdaky” metbugat serişdeleri boýunça geçirýän konferensiýasyna gatnaşmagyna garaşylýardy.

2012-nji ýylda Hüseýnow polisiýa gaýtawul bermekde we polisiýa ofiserini kemsitmekde aýyplanypdy we onuň üç ýyl ýurtdan çykmagyna gadaganlyk girizilipdi.

Şondan bäri derňewler togtadylypdy we Hüseýnow syýahat etmek gadagançylygynyň aradan aýrylmagyny sorap, resmi taýdan ýüz tutupdy. Ýöne ýurduň Baş prokuraturasy Hüseýnowyň statusy barada takyk görkezme bermändi.

XS
SM
MD
LG