Sepleriň elýeterliligi

“Kommersantyň” baş redaktory wezipesinden çekildi


Russiýanyň “Kommersant” atly tanymal gündelik neşiriniň baş redaktory wezipesinden çekilýär.

Weteran žurnalist we 1992-nji ýyldan bäri “Kommersant” neşirinde dürli wezipelerde işlän Mihail Mihailin “döredijilik işlerini dowam etdirmek üçin işine arakesme berýändigini” aýtdy.

“Kommersant” neşiriniň baş direktory Pawel Filenkow Mihailiniň wezipeden çekilmegi “bilelikde gelnen kararyň” netijesinde amala aşyryldy diýdi.

Mihailiniň wezipesine “Kommersant-Walýuta” atly hepdelik neşiriň başlygy Sergeý Ýakowlewiň gelmegine garaşylýar.

Ýakynda “Kommersant” neşirinde Günbataryň sanskiýalaryna gaýtawul bermek barada döwlet eýeçiligindäki “Rosneft” energiýa kompaniýasynyň Kremle çagyryş edendigi barada maglumatlar çap bolupdy. Mihailiniň wezipesinden çekilmegi, çap edilen bu maglumatlar dogrusynda “Kommersanda” garşy sud işiniň gozgaljakdygy barada “Rosneft” kompaniýasynyň eden duýduryşlarynyň yzýanyna gabat geldi.

XS
SM
MD
LG