Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Nigeriýa: Mekdepde 47 okuwçy öldi


Nigeriýanyň demirgazygyndaky oglanlar üçin niýetlenen mekdepde bombanyň partladylmagy netijesinde azyndan 47 okuwçy öldi.

Nigeriýanyň Potiskum şäherindäki halas ediş gullugyň işgärleriniň berýän maglumatyna görä, 10-njy noýabrda mekdebiň egin-eşik formasyny geýen janyndan geçen hüjümçi ýüzlerçe okuwçy ir bilen geçirilýän düzgün-nyzama gatnaşmak üçin ýygnan mahaly bombany partladypdyr.

Waka şaýat bolanlar jesetleriň ýatan ýerini “gan howzy” diýip suratlandyryp, hüjümiň bolan ýerinde ençeme jesedi görendiklerini aýdýarlar. Häzirki wagt başga-da onlarça okuwçy saglyk bejergisini alýar.

Bu hüjümi amala aşyrmakda Nigeriýada “Yslam döwletini” döretmek baradaky kampaniýasynyň bir bölegi hökmünde mekdepleri nyşana alýan “Boko Haram” söweşiji topary aýyplanýan ýaly bolup görünýär.

XS
SM
MD
LG