Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Öňki resmi tussag edildi


Ukrainanyň Döwlet howpsuzlyk gullugynyň ofiseri “ýurda dönüklikde” şübhelenilip tussag edildi. Wolodimir Bik öňki prezident Wiktor Ýanukowiçiň häkimiýetiniň soňky hepdelerinde ýurduň kontrrazwedka gullugynyň başlygy wezipesinde işleýärdi.

9-njy noýabrda Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň başlygy Walentin Nalywaýçenko ukrain telewideniýesine beren interwýusynda Bik “daşary ýurduň Ukrainada sabotaž hereketleri taýýarlamagyna” kömek etmekde güman edilýär diýdi.

Nalywaýçenko Bikiň 8-nji noýabrda tussag edilendigini mälim etdi. Ol Ýanukowiç Russiýa gaçmazdan birnäçe hepde öň, 5-nji fewralda wezipä bellenilipdi.

XS
SM
MD
LG