Sepleriň elýeterliligi

Býujetiň sosial ugurlary näme?


Azerbaýjanly karikaturaçy Raşid Şerifiň Býujet atly

Azerbaýjanly karikaturaçy Raşid Şerifiň Býujet atly

Türkmenistanyň 2015-nji ýyl boýunça döwlet býujeti tassyklandy. Resmi sanlara görä, onuň girdeýji bölegi 36 milliard dollardan sähel gowrak (102 800,8 million manat), çykdajy bölegi bolsa 37 ýarym milliard dollar çemesi (106 200,8 million manat) bolar.

Indiki ýylyň býujetiniň möçberi şu ýylyňkydan 9% çemesi ýokary bolar. Şeýle-de täze býujetiň 1-nji derejesiniň 79%-tiniň sosial ugra gönükdiriljekdigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosy ýurduň býujetine degişli täze sanlar barada düşündiriş bermegi sorap, Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň öňki başlygy Hudaýberdi Orazowa ýüzlendi.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG