Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyz prezidenti Türkmenistana bardy


Gyrgyzystanyň prezidenti Almazbek Atambaýew resmi sapar bilen Türkmenistana bardy. Bu barada Gyrgyzystanyň prezidentiniň metbugat gullugy habar berýär.

Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýewiň 11-nji noýabrda Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşmagyna we gol goýulmagy planlaşdyrylan gyrgyz-türkmen resminamalarynyň ençemesi barada gepleşikleri geçirmegine garaşylýar.

Gyrgyz prezidentiniň Türkmenistana edýän bu sapary gyrgyz-türkmen gatnaşyklaryny ösdürmäge we ähli ugurlar boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gönükdirilendir.

XS
SM
MD
LG