Sepleriň elýeterliligi

"Aralyň duzly tozany ekinlerimizi guradýar"


Daşoguz welaýatynyň käbir etraplarynda Aral deňzinden öwüsýän duzly tozanlaryň ekinlere zeper ýetirýändigini käbir ýaşaýjylar aýdýarlar.

Daşoguz welaýatynyň käbir etraplarynda Aral deňzinden öwüsýän duzly tozanlaryň ekinlere zeper ýetirýändigini käbir ýaşaýjylar aýdýarlar.

Merkezi Aziýada Aral deňziniň suwunyň ekerançylyk maksatly akymynyň üýtgedilmegi we soňky ýyllardaky gurakçylyk sebäpli Aral deňziniň suwunyň täze pes derejesine ýetendigini, ýakynda “National Geography” žurnaly habar berdi. Maglumata görä, 2014-nji ýylyň awgust aýynda kosmos arkaly düşürilen suratda Aral deňziniň gündogar basseýniniň 600 ýyldan soň ilkinji gezek doly gurandygy görünýär.

Bir döwürler dünýäniň iň uly dördünji köli diýlip atlandyrylýan Aral deňziniň guramagy netijesinde onuň tutuş regionyň ekologiýasyna howp salýandygy barada yzygiderli maglumatlar çap edilýär.

Daşoguz welaýatynyň Türkmenbaşy etrabyndan özüni Aýşat diýip tanyşdyran kärendeçi zenan Aral deňziniň Daşoguz welaýatynyň käbir sebitlerine ýetirýän täsirleri barada Azatlyk Radiosynyň Türkmenistandaky habarçysy Soltan Açylowa gürrüň berdi. Söhbetdeşligi aşakdaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz.

XS
SM
MD
LG