Sepleriň elýeterliligi

"Mertebäni gorap ölmäge goýuň…"


Kitap we kofe çaşkasy.

Kitap we kofe çaşkasy.

Şahyr W.W.Maýakowskiniň portretine ştrihler

Ezeli şahyrlar ýata suw däldir,

Kerebe bogulmak däl onuň käri.

Gabaw galasyny böwüsmek üçin,

Çyrpynyp, möwç urup ýykýar kenary.

Ýeň-ýakasy tämiz köýnegi bolsa,

Aç-ýalaňaç ýaşap bilýär syr bermän.

Kemsitme şahyryň ajal permany,

Pynhanda kemsinip, çekenok arman.

Mertebesin gorap bir gün, bir pille,

Çekgeden goýberýär ýalmawuz gülle.

Sapançaň nilinden gitmänkä tüsse,

Parawuzsyz dilden atylýar töhmet.

Töhmet dokuz gram gurşun gülle däl,

Gülleden has goçak, has uly, mähnet.

Kerep baglap porsan, eý, ýata suwlar,

Ýeň asty hanjarly, kümsük pis ýygyn.

Rowa görmediňiz şahyra ömri,

Mertebäni gorap ölmäge goýuň…

XS
SM
MD
LG