Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Hüjümlerde 19 adam öldi


Pakistanyň demirgazyk-günbatarynda amala aşyrylan aýry-aýrylykdaky hüjümlerde ýurduň howpsuzlyk güýçlerinden azyndan bäş adamyň we 15 sany söweşijiniň öldürilendigi habar berilýär.

Resmileriň berýän maglumatyna görä, onlarça söweşiji Orakzaý tire-taýpalar regionynyň Şirin Dara territoriýasyndaky ýarym harby Serhetýaka güýçleriň barlag-gözegçilik nokadyna hüjüm eden mahaly gürrüňi gidýän söweşijiler we üç sany esger öldürilipdir.

Resmiler hüjümiň yza serpikdirilendigini aýdyp, wakada başga-da alty esgeriň ýaralanandygyny habar berýärler.

11-nji noýabrda Bajaur tire-taýpalar etrabyndaky Çargu obasynda ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň partladylmagy netijesinde howpsuzlyk güýçlerinden iki işgär öldürildi we başga-da iki sanysy ýaralandy.

Bannu şäherçesinde hem ýoluň gyrasyna düşelen bombanyň ulagyň golaýynda partladylmagy netijesinde azyndan bir adam öldi, şeýle-de bir sanysy ýaralandy.

XS
SM
MD
LG