Sepleriň elýeterliligi

Özbegistan: Gyrgyz raýaty ýaralandy


Özbegistanyň serhet gullukçylarynyň ot açmagy netijesinde gyrgyz raýaty ýaraladylar. Bu dartgynly gyrgyz-özbek araçäginde amala aşyrylan ýowuz wakalaryň iň soňkusydyr.

Gyrgyzystanyň Batken regionyndaky serhet gullugynyň resmileriniň berýän maglumatyna görä, 10-njy noýabrda özbek gullukçylary serhediň Özbegistan tarapyna ýükleri boşadýan iki gyrgyz raýatyny tutmaga synanyşan mahaly ot açypdyr.

Özbek resmileriniň berýän maglumatyna görä, olaryň biri tussag edilipdir we beýlekisi gaçmaga synanyşan mahaly atylyp, ýaralanypdyr. Resmiler ýaraly gyrgyz raýatynyň Özbegistanyň keselhanasyna ýerleşdirilendigini sözleriniň üstüne goşdular.

Özbek resmileri tussag edilen iki gyrgyz raýatyny serhediň çägine takyk bolmadyk bikanun önümleri getirmäge synanyşmakda aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG