Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nazarbaýew täze programmany mälim etdi


Gazak prezidenti Nursultan Nazarbaýew Gazagystan üçin “Nurly Žol”, ýagny “Nurly ýol” atly täze ykdysady programmasyny mälim etdi.

10-njy noýabrda eden ýyllyk çykyşynda Nazarbaýew täze syýasata laýyklykda, 1-nji ýanwardan başlap gazak raýatlary üçin ýaşaýyş jaýlarynyň öňünden tölegsiz satylyp başlanjakdygyny we munuň üçin ipotekalaryň ýyllyk 1% ýa-da 2% bilen beriljekdigini aýtdy.

“Nur-Otan” partiýasynyň syýasy geňeşiniň ýygnagynda çykyş eden Nazarbaýew, hökümet raýatlara uzak-möhletleýin kireýine bermäge hödürlenjek “hakyna tutma sosial ýaşaýyş jaýlarynyň” gurluşygyna başlar diýdi. Ol soňy bilen, bu jaýlary raýatlaryň satyn almaga hukugynyň boljakdygyny sözüniň üstüne goşdy.

Şeýle-de, Nazarbaýew bu täze ykdysady programma üçin jemi 24 milliard amerikan dollary möçberinde pul serişdesiniň bölünip aýryljakdygyny belledi.

XS
SM
MD
LG