Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: ABŞ Russiýa çagyryş etdi


Birleşen Ştatlar Russiýany orsparaz separatistleri täze ýaraglar we beýleki goldawlar bilen üpjün etmek arkaly gündogar Ukrainadaky “ody tutaşdyrmagy bes etmäge” çagyrdy.

Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamentiniň metbugat sözçüsi Jen Psaki Waşington Russiýanyň Ukrainadaky “separatistleri tanklar we beýleki agyr harby serişdeler bilen üpjün etmek arkaly Moskwanyň Donbas regionyndaky artan harbylaşdyrmasyny” ýazgarýar diýdi.

Psakiniň 10-njy noýabrda Waşingtonda eden bu çykyşy Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy öz synçylarynyň separatistler tarapyndan kontrollyk edilýän Donetsk regionynyň käbir böleklerinde agyr ýaraglaryň we tanklaryň ýerleşdirilişiniň güýçli artýandygyna şaýat bolandygyny mälim etmeginden birnäçe gün soň boldy.

Psaki Russiýany we separatistleri ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda gelnen ylalaşygy “göz-çykgynç ýagdaýda bozmakda” aýyplady we eger Moskwa “durnuksyzlaşdyrmaga we howply hereketlerini amala aşyrmaga dowam etse, munuň Russiýa üçin netijeleriniň boljakdygy barada duýduryş berdi.

XS
SM
MD
LG