Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Aşgabat Bişkegi tok bilen üpjün etmekçi


Gyrgyz prezidenti Almazbek Atambaýew türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen geçiren bilelikdäki ýygnagynda Türkmenistan Gyrgyzystany sagatda 700 million kilowat elektrik togy bilen üpjün etmäge taýýar diýdi. Bu barada “24.kg” habar websahypasynda bellenilýär.

“Biz gepleşiklerden örän razy, ol özara düşünişmeklik äheňinde geçdi. Biz gelejek üçin güýçli fundamenti goýduk. Biz dokuz resminama gol çekdik” diýip, Atambaýew türkmen prezidenti Berdimuhamedowy Gyrgyzystana resmi sapar bilen barmaga çagyrandygyny aýtdy.

Almazbekow iki günlük resmi sapar bilen 10-njy noýabrda Türkmenistanyň paýtagty Aşgabada bardy.

XS
SM
MD
LG