Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Bin Ladeni kim öldüripdir?


Saud Arabystanynda doglan söweşiji Osama bin Laden

Saud Arabystanynda doglan söweşiji Osama bin Laden

Bin Ladeni kimiň öldürendigi barada deňiz pyýadalarynyň arasynda jedelleşik döräpdir. Iki adam iki görnüşde özüçe gürrüň berýär.

Obama Hameneýä gizlin hat iberipdir. ABŞ-nyň sebitdäki hyzmatdaşlary muny eşiden mahaly olaryň reaksiýalary nähili bolarka?

Russiýanyň ykdysadyýetiniň gowşamagynyň Putiniň abraýyna täsiri.

"Aýy dolanýar". Russiýa ýüzüni Günbatardan Gündogara öwürdi.

Bu 21-nji asyryň iň uly strategik öwrülişigi bolup biler.

Dünýä metbugaty häzir nämeler dogruda ýazýar?

ABŞ-da deňiz pyýadalarynyň arasynda dörän jedelleşige görä, Usama Bin Ladeni kim öldürdikä?

"Deňiz düwlenleri" ýörite tälimli toparyň hormatly dynç alyşdaky harbysy, 38 ýaşyndaky O’Neill "Washington Post" gazetine beren beýannamasynda, 3 ýyl mundan owal Bin Ladeni öldüren oky özüniň atandygyny aýdypdyr. Onuň diýýäni ýörite tälimli toparyň owalky agzasy Matt Bissonnettiň (Matt Bissonnette) 2012-nji ýylda çap edilen kitabynda ýazylanlara düýbünden gabat gelmeýär. Gazetiň ýatlatmagyna görä, Bin Ladeni 2011-nji ýylda onuň Pakistanyň Abbotabad şäherindäki öýüne edilen hüjümde öldüripdirler.

O’Neilliň aýtmagyna görä, onuň bilen ady agzalmaýan başga bir harby Bin Ladeniň willasynyň 4-nji gatyna çykypdyrlar we birden şol wagt Bin Laden otaglaryň birinden jyklapdyr. O’Neilliň ýanyndaky harby şol mahal oňa ok atypdyr, ýöne oňa degmändir. Ondan soň O’Neill otaga giripdir we Bin Ladeniň kellesinden atyp öldüripdir.

O’Neilliň gürrüňi Bissonnettiň "Kyn gün" atly kitabyndaky ýazanlaryna gabat gelmeýär. Onuň aýtmagyna görä, harbylaryň arasynda Bin Ladene ok atyp, öldüren hut onuň özi.

Bissonett O’Neilliň aýdanlaryna hiç hili düşündiriş bermek islemändir. Ol noýabryň 6-synda NBC telekanalyna beren beýannamasynda şeýle diýipdir: "Bar bolan iki adam, bar bolan iki sebäbe görä, iki waka barada gürleýär. Ol näme diýen bolsa diýendir. Men oňa düşündiriş bermek islemeýärin".

Pentagon O’Neilliň diýýänlerini ne tassyklaýar, ne-de ýalan diýýär. Ýöne goşun baştutanlygy ýörite tälimli toparyň ähli agzalaryna hat iberip, syry saklamaklygyň zerurdygyny we harby hereketiň aýratynlyklarynyň doly paş edilmeli däldigini duýdurypdyr.

Onda başgalar näme diýýärkä? "Deňiz düwlenleri," ýörite tälimli toparyň käbir beýleki harby agzalarynyň aýtmagyna görä, jaýyň içi garaňky bolansoň, egin-egne berip duran ýerlerinden bir wagtda ot açypdyrlar. Şonuň üçinem Bin Ladeni kimiň okunyň öldürendigini aýtmak gaty kyn.

Bin Ladeni atanlaryndan soň onuň dogrudanam ölüp-ölmändigini anyklapdyrlar we soňra-da meýdini harby dikuçar bilen äkidip, deňze zyňypdyrlar.

Obama Hameneýä gizlin hat ýazýar

”Wall Streer Journal” gazetiniň ýazmagyna görä, ABŞ-nyň prezidenti Obama Eýranyň lideri Hameneýä gizlin hat iberipdir. Hatda ”Yslam döwleti” ýaragly toparyna garşy göreşde ABŞ bilen Eýranyň umumy bähbitleriniň bardygy nygtalyp, Eýran ýadro gepleşiklerinde ylalaşyga çagyrylypdyr. Hat oktýabr aýynyň ortasynda iberilipdir.

Gazetiň ýazmagyna görä, 2009-njy ýyldan bäri bu Obamanyň Hamaneýä iberen 4-nji gizlin haty bolmaly. Obamanyň hatlary onuň Eýrana berýän ähmiýetini görkezýär. Ol hatlarda Eýranyň agzalýan ugurda oňaýly hereket edýändigi ýa-da diňe öz bähbidine görä oýun oýnaýandygyny barada asla dil ýarylmaýar.

Senatorlar Kirk we Menendez bolsa Eýrana garşy çäklendirmeleriň güýçlendirilmegi babatda kanun çykarylmagyny teklip edipdirler.

Kirkiň nygtamagyna görä, Eýrany atom bombasyny ýasamakdan dändirmekligiň iň ýagşy ýoly bu, ýagny, Kirk-Menendez kanunyny kabul etmeklikdir. Eýrana bomba ýasamaga wagt bermeli däl. Wekiller palatasynyň wekili Boehner gazete beren beýannamasynda şeýle diýipdir: "Men eýranlylara ynanmaýaryn. Men olary öz tarapymyza çekmek bize gerekdir öýdemok".

Obamanyň haty barada BBC-niň habarçysy Kim Ghattas bolsa şeýle ýazypdyr: "Obamanyň haty habary ABŞ-nyň hyzmatdaşlaryny ör-gökden getirer. 2012-nji ýylda Obama Eýran bilen gizlin gepleşiklere başlan mahaly ne Ysraýyly, ne-de Saud Arabystanyny habardar edipdir. Olar muny bilenlerinde, gaty erbet bolupdyrlar.

Ykdysadyýet we Putiniň abraýy

”Forbes” žurnaly "Russiýada ykdysady ýagdaý bulaşsa, Putiniň abraý derejesi nähili bolar?" diýen görnüşde pikir soralyşyk geçirýär. Russiýa Krymy alan mahaly Putiniň abraý derejesi ýüzde 53-den ýüzde 80 derejä çenli ýokarlandy. Ýöne halkara sanksiýalary girizilenden soňra Russiýanyň ykdysady ýagdaýy barha ýaramazlaşýar. Nebitiň bahasy-da pese gaçýar.

”Forbesiň” ýazmagyna görä, Putin Russiýany ykdysady çöküş batgasyna batyrdy. Sowet häkimiýetiniň ykdysady kynçylyklar zerarly kem-kemden halkyň goldawyny ýitirişi ýaly, Putin hem ykdysady çöküşden soň halkyň goldawyndan mahrum bolar.

"Aýy yzyna gelýär"

”New Ýork Times” gazetiniň ýazmagyna görä rus "aýysy yzyna gelýär". Russiýa soňky 23 ýylda göwünli-göwünsiz, özüçe bolsa-da, hemişe Günbatara tarap ümzük atypdy.

Ýöne indi Russiýa ýüzüni başga tarapa sowdy. Putin başga ýoly saýlap aldy.

Onuň pikiriçe, Günbatara garşy durmaklyk – Russiýanyň häzirki ösüşiniň özenini emele getirýän bolmaly. Putiniň şeýle karara gelmeginiň sebäbi, belki-de, 2011-nji ýylda Moskwadaky köçe ýörişleri, şol ýyl Günbataryň Liwiýada Kaddafini agdarmagy, Günbataryň güýçden gaçmagy ýaly ýagdaýlardyr. Ýöne bu sebäpler durmuş hakykaty bilen deňeşdirilende, ikinji derejeli bolup galýarlar.

Aslynda hakykat Putiniň ýörelgesiniň ugrunyň üýtgänligindedir. Bu, belki, 21-nji asyryň iň uly strategik öwrülişigidir. Bu öwrülişik gaty aýylganç netijelere getirip biler.

Gazetiň ýazmagyna görä, Hytaý bilen 400 milliard dollarlyk tebigy gaz şertnamasyny baglaşan Putin Russiýanyň ösüşiniň ylham çeşmesi hasaplanýan Günbatara bilen gyzyklanmasyny ýitirýär. Ol Günbatary wagşy medeniýet ýaly suratlandyrýar we, onuň pikrine görä, Russiýa mundan goranmalydyr.

Gazetiň ýazmagyna görä, bu ikinji sowuk uruş däl. Eýse, bu Günbataryň Russiýa bilen baglanyşykly illýuziýalarynyň, ýagny göwün ýüwürtmeleriniň, salgyma kowalaşmalarynyň soňudyr.

XS
SM
MD
LG