Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ysraýyl iri ýurtlara duýduryş berdi


Ysraýylyň premýer-ministri Benýamin Netanýahu Eýranyň ýadro programmasyny jylawlamak barada ylalaşyk baglaşylmagyna garşy dünýäniň iri döwletlerine duýduryş berdi.

Netanýahu bu barada Ierusalimde geçirilen “Demirgazyk Amerikanyň ýewreý federasiýasynyň” assambleýasynda eden çykyşynda belledi.

Eýran we dünýäniň iri alty döwleti, şol sanda Birleşen Ştatlar Tähranyň ýadro ýaraglaryny özleşdirip biljekdigi baradaky gorkulary ýok edip, Birleşen Milletler Guramasy we Günbatar ýurtlary tarapyndan Eýrana garşy girizilen sanksiýalary güýçden gaçyryp biljek taryhy ylalaşyga gelmek üçin 24-nji noýabry soňky möhlet diýip bellediler.

Netanýahu: “Eýran ýurduň ykdysadyýetine ýumrujy görnüşde täsir ýetiren sanksiýalary aradan aýyrmak isleýär, bu aç-açan mälim. Emma şol bir wagtyň özünde [sanksiýalaryň aýrylmagyna] gaýtawul hökmünde Eýranyň öz ýadro programmasyny jylawlamaga taýýar däldigi hem açyk aýdyňdyr” diýdi.

Eýran öz ýadro programmasynyň başdan-aýak parahatçylykly, şol sanda elektrik energiýasyny öndürmek maksatlydygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG