Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Ukraina: Güýçli hüjümler boldy


Gündogar Ukraianada separatistleriň kontrollugyndaky Donetks şäherinde güýçli hüjümler amala aşyryldy.

Orsparaz separatistleriň kontrollugyndaky iki welaýat paýtagtynyň birinden gelip gowuşýan maglumatlara görä, 12-nji noýabrda birnäçe partlamanyň sesi eşidilipdir.

“AFP” habar gullugynyň habarçysynyň berýän maglumatyna görä, şäheriň merkeziniň golaýyndaky territoriýadan Donetsk halkara aeroportunyň töweregindäki hökümet güýçleriniň kontrollugyndaky baza tarap minomýotlar atylypdyr.

Ukrainadaky konfliktiň soňuna ýetmek maksady bilen ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda gelnen ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, aeroportuň töwereginde her gün diýen ýaly hüjümler amala aşyrylýar. Aprel aýyndan bäri Ukrainadaky konfliktlerde 4 müňden gowrak adam heläk boldy.

Kiýew we orsparaz separatistler ýaraşyk ylalaşygyny bozmakda bir-birini aýyplaýarlar.

XS
SM
MD
LG