Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Tajigistanda 12 adam tussag edildi


Täjigistanyň resmileri ýurduň demirgazygyndaky Sugd welaýatynyň ýaşaýjylaryny Siriýada yslamçy söweşijileriň hatarynda söweşmäge işe çekmekde güman edilýän 12 adamy tussag etdiler.

Agzalýan welaýatyň paýtagty Hujanddaky Içeri işler ministrliginiň resmileriniň 12-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatyna görä, polisiýa toparyň ýolbaşçysy diýlip güman edilýän Najmiddin Şamsiýewiň öýünden iki ýaragy we ýarag serişdelerini tapypdyr.

Täjik derňewçileri tussag edilenleriň ýurtda gadagan edilen “Jamaat Ansarullah” atly yslamçy gurama bilen ilteşikli toparyň agzasydygyny mälim etdiler.

Gürrüňi gidýän toparyň bir aktiwisti Nozim Nematow Siriýa gitmäge synanyşan mahaly, şu aý Gyrgyzystanda tussag edilipdi.

Tussag edilen 12 şübheli jenaýatçylykly topary guramalaşdyrmakda we bikanun ýarag saklamakda aýyplanýar.

XS
SM
MD
LG