Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Moldowan türmede açlyk yglan etdi


Moldowanyň bölüniji Transdinestr regionynda tussag edilen moldowan açlyk yglan etdi.

Warnita oba geňeşiniň agzasy Witaliý Beslieja (Vitalie Besleaga) we onuň kärdeşi Sergeý Bewziuç (Serghei Bevziuc) 2013-nji ýylyň noýabr aýynda tussag edilip, para almakda aýyplanypdylar.

Iki moldowan aýyplamalaryň Transdinestr regionynyň resmileri tarapyndan guramalaşdyrylandygyny aýdyp, “biziň Transdinestriň resmileriniň obanyň golaýynda barlag-gözegçilik nokadyny dikmeginiň öňüni almak maksady bilen 2013-nji ýylyň aprel aýynda eden synanyşyklarymyz üçin ar alynýar” diýipdiler.

11-nji noýabrda Moldowanyň paýtagtynda Besliejanyň erkek dogany Aleksandru we aklawçy Wladimir Maimust Beslieja özüniň we Bewziuçyň türmedäki saklanyş şertlerini protest etmek üçin açlyk yglan etdi diýdiler.

Transdinestr 1990-njy ýylda Moldowadan öz garaşsyzlygyny yglan edipdi.

XS
SM
MD
LG