Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

NATO: "Rus ýaraglary, goşunlary Ukraina girýär"


General Flip Bridlow kolonnanyň rus tanklaryndan, toplaryndan, howa gorag sistemalaryndan, söweş goşunlaryndan ybaratdygyny aýtdy.
General Flip Bridlow kolonnanyň rus tanklaryndan, toplaryndan, howa gorag sistemalaryndan, söweş goşunlaryndan ybaratdygyny aýtdy.

NATO soňky iki günde Orsýetiň harby enjamlarynyň kolonnasynyň konflikte gaplanan gündogar Ukraina girişine syn edendigini aýdýar.

Amerikan generaly Flip Bridlow 12-nji noýabrda Sofiýada çykyş edip, bu kolonnanyň rus tanklaryndan, toplaryndan, howa gorag sistemalaryndan, söweş goşunlaryndan ybaratdygyny aýtdy.

"Biz edil häzir olaryň anyk näçedigini doly göz öňüne getirip bilemzok. Biz ol ýerde birnäçe kolonnany görendigimizi aýdýarys» diýip, Bridlow aýtdy.

Ol bu sözleri ÝHHG öz gözegçileriniň 11-nji noýabrda 43 sany belgisiz harby ýük maşynyny görendigini, bäş sany top daşaýjynyň, bäş sany raketa atyjy sistemany daşaýjynyň pitneçileriň mesgeni bolan Donetsk şäherine tarap barýandygyny görendigini habar bereninden soň aýtdy.

Bu belgisiz harby maşynlaryň we agyr ýaraglaryň gündogar Ukrainadaky separatist kontrollugyndaky ýerlere tarap alnyp barylýandygy barada çykan soňky tapgyr habarlar boldy.

Bu görlen zatlar gündogar Ukraindaky ýagdaýlaryň has dartgynlaşjagy, konfliktiň ýitileşjegi baradaky howatyry güýçlendirdi. Sebäbi, aprel aýyndan bäri 4 müňden gowrak adamyň öldürilen ýerinde, 5-nji sentýabrda baglaşylan ýaraşyga garamazdan, söweşler erjellik bilen dowam edýär.

Olaryň aýtmaklaryna görä, Kiýew bilen NATO Orsýetiň Ukrainanyň Donets we Luhansk welaýatlarynyň uly böleklerine kontrolluk edýän orsýetçi separatistlere göni harby ýardam berýändigine aňryýany bilen subutnama bar diýýär.

Orsýet özüniň bu işe gatnaşygyny ret edýär.

Ukrainada moskwaçy prezident iş başyndan gyrakladylyp, Kiýewda günbatarçy hökümet peýda bolanyndan soň, Orsýetiň mart aýynda Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegi bilen utgaşan konflikt Moskwa bilen Günbataryň arasyndaky gatnaşyklary Sowuk uruş döwrüniň derejelerine aşak düşürdi.

Ukrainanyň goranmak ministri Stepan Poltorak hökümet güýçleriniň gaýtadan ýerleşdirilýändigini, orsýetçi separatistleriň hüjüm etmek ähtimallygy sebäpli taýýarlyk görülýändigini aýtdy.

"Biz öz goşunlarymyzyň pozisiýalaryny söweşijileriň hereketlerine gaýtawul bermek üçin üýtgedýäris" diýip, Poltorak aýtdy.

Harby sözçi 11-nji noýabrda pitneçileriň öz güýçlerini tijeýändiklerini, şol sanda Donetsk welaýatynyň we port şäher, hökümet güýçleriniň kontrollugyndaky Mariupulyň töwereginde toplanýandyklaryny, bu ýeriň separatistler üçin esasy baýrak bolup görünýändigini aýtdy.

12-nji noýabrda Donetskiň agyr top atyşlygyndan çaýkanandygy hem habar berildi.

AFP-niň habarçysy şäheriň merkezlerine golaý bir ýerlerden Donetsk aerportundaky hökümet kontrollugyndaky pozisiýalara minomýot tapgyrlarynyň atylýandygyny aýtdy.

5-nji sentýabrdaky ýaraşyk ylalaşygyna garamazdan, aeroportyň töwereginde her gün top atylýar we Bridlow 11-nji noýabrda munuň diňe «ady ýaraşyk» diýdi.

Iňlisçeden türkmençä geçiren Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG