Sepleriň elýeterliligi

“Ödeý depe” ýadygärligi dargaýar


Prezident Berdimuhamedowyň maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, ugradan gutlag hatynda “Nusaý, Merw, Sarahs, Amul, Dehistan, Köneürgenç, Abywert ýaly gadymy şäherleriň ýerleşen ýerinden tapylan gymmatlyklar arheologiýa tapyndylary geçmişde bu mukaddes topragyň senetçiligiň, ussaçylygyň, zergärçiligiň, binagärligiň ösen sebitleriniň biri bolandygyny doly subut edýär” diýilýär.

Emma ýurtdan gelip gowuşýan maglumatlarda ýurduň käbir ýadygärliklerinde, hususanda Lebap welaýatyndaky “Ödeý depe” ýadygärliginde arheologik gözleg işleriniň eýýäm onlarça ýyl bäri geçirilmändigi aýdylýar.

Azatlyk Radiosynyň Lebapdaky habarçysy Osman Hallyýew ýadygärligiň şu günki ýagdaýy barada habar berýär.

Siziň pikiriňiz

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG