Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Siriýa: “YD-nyň” 750 söweşijisi öldürildi


Synçy topar sentýabr aýynyň ortalaryndan bäri Siriýadaky ekstremist söweşijileri nyşana alýan howa zarbalarynda “Yslam döwleti” atly söweşiji toparyň azyndan 746 agzasynyň öldürilendigini habar berýär.

Düýbi Britaniýada ýerleşýän Siriýanyň adam hukuklary boýunça synçy toparynyň berýän maglumatyna görä, şeýle-de howa hüjümlerinde “Al-Kaýda” hereketi bilen ilteşikli “Al Nusra frontunyň” 68 agzasy we parahat ilatdan azyndan 50 adam öldürilipdir.

Siriýadaky söweşijilere garşy howa kampaniýalary Birleşen Ştatlaryň liderligindäki koalisiýa tarapyndan 23-nji sentýabrda başlapdy. Bu waka Birleşen Ştatlaryň prezidenti Barak Obama “Yslam döwleti” atly söweşiji topary “güýçden gaçyrjakdygy we ahyrynda ýok etjekdigi” barada planlaryny yglan edeninden iki hepde soň bolupdy.

Siriýada amala aşyrylan howa zarbalarynyň aglabasynda ýurduň demirgazygyndaky Kobani şäheriniň töweregindäki söweşijileriň pozisiýasy nyşana alynýar.

XS
SM
MD
LG