Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝHHG türkmen žurnalistlerine tälim berdi


Türkmenistanda 20-den gowrak türkmen žurnalisti Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasy tarapyndan guramalaşdyrylan žurnalistikanyň ýazyjylyk we redaktorlyk ugurlary boýunça tälim beriji kurslara gatnaşdy. 13-nji noýabrda Aşgabatda tamamlanan bu kurs barada ÝHHG-niň resmi beýanatynda habar berilýär.

Maglumatda dört gün dowam eden bu kursa gatnaşyjylara döwrebap žurnalistikanyň tendensiýalary barada pikir alyşmaga we žurnalistikanyň ýazyjylyk, redaktorlyk we interwýu geçirmek ýaly amaly ugurlaryny özleşdirmäge mümkinçilik döredildi diýilýär.

Bu tälim beriji kursa Türkmenistanyň dürli künjeginde çapdan çykýan žurnallaryň we gazetleriň wekilleri, şol sanda türkmen ýokary okuw jaýlarynda žurnalistika ugry boýunça sapak okadýan mugallymlar gatnaşdylar, diýlip ÝHHG-niň maglumatynda nygtalýar.

XS
SM
MD
LG