Sepleriň elýeterliligi

Pakistanyň sudy protest liderleri barada karar çykardy


Pakistanyň sudy iki tanymal protest lideriň - kriket boýunça öňki sportsmen häzir syýasatçy Imran Hanyň we ruhany Tahir-ul-Kadriniň tussag edilmegi barada karar çykardy.

12-nji noýabrda Yslamabadyň Terrorçylyga garşy göreş boýunça ýörite sudy ýurtda geçirilen hökümete garşy protestler döwründäki ýowuzlyk bilen baglanyşykly Hanyň, Kadriniň we başga-da 26 adamyň tussag edilmegi hakynda karar çykardy.

Awgust aýynda Han we Kadri ýurtda premýer-ministr Nawaz Şarife garşy geçirilen protestlere ýolbaşçylyk edipdiler. Bu protestler birnäçe gün dowam eden ýowuzlyklaryň döremegine sebäp bolupdy.

Şol wakada demonstrantlar ýurduň polisiýasy bilen çaknyşyp, parlamentiň binasyna zor bilen girmäge synanyşypdylar.

XS
SM
MD
LG