Sepleriň elýeterliligi

Aşgabat: Mekdeplerde wideokameralar goýulýar


Wideokameralar mekdepleriň daşynda - olaryň girelgesinde, koridorlarynda goýulýar.

Wideokameralar mekdepleriň daşynda - olaryň girelgesinde, koridorlarynda goýulýar.

Aşgabadyň orta mekdeplerinde wideokameralar goýlup başlandy. Häzir, esasan, paýtagtyň merkezi raýonlarynda ýerleşen orta mekdeplerde wideokameralaryň goýulýandygy aýdylýar. Paýtgatyň Parahat mikroraýonynda ýerleşýän 55-nji mekdepde wideokameralar goýlupdyr. Mundan başga-da 7-nji we 27-nji orta mekdeplerde hem wideokameralaryň goýlandygy aýdylýar.

Wideokameralar mekdepleriň daşynda - olaryň girelgesinde, koridorlarynda goýulýar. Şeýle-de mekdepleriň klas otaglarynda hem goýuljakdygy aýdylýar. Mekdepleriň naharhanalarynda hem wideokameralar goýlupdyr.

Paýtagtyň käbir orta mekdeplerinde mundan öň hem wideokameralar bardy. Esasanam, soňky döwürlerde gurlan “elit” diýilýän mermer mekdepleriň käbirlerinde wideokameralar bar. Mysal üçin, ”Ruhnama” we ”Fransuz” mekdebi diýip atlandyrylýan mekdeplerde şeýle wideokameralary görmek bolýar.

Emma sowet döwründe gurlan orta mekdepleriň hiç haýsynda hem bu çaka çenli wideokamera ýokdy. Bu wideokamerlarayň edil häzirki wagtda goýlup başlanmagynyň sebäpleri barada resmi taýdan hiç hili düşündiriş berilmeýär. Ýöne mekdep mugallymlarynyň käbirleriniň aýtmaklaryna görä, bu çäre mekdep okuwçylarynyň howpsuzlygy üçin edilýär.

Mümkin sebäp

“Mekdebiň territoriýasyna gelip-gidýän nätanyş adamlary bilmäge, çaga ýitse, onuň kim bilen gidendigini bilmek üçin wideokameralar goýulýar” diýip, orta mekdebiň adynyň aýdylmagyny islemedik bir mugallymy aýdýar.

Wideokameralaryň okuwçylaryň düzgün-tertiplerine gözegçilik etmäge hem mümkinçilik berjekdigini orta mekdebiň mugallymy aýdýar. Käbir okuwçylaryň aýtmaklaryna görä, mugallymlar olaryň wideokamera düşürilýändiklerini şonuň üçin koridorda ylgamaly, urşmaly däldigini duýdurýarlar. Bu hili etmişleri edenlere, wideoýazgy arkaly tutulyp, çäre görüljekdigini mugallymlar okuwçylaryna aýdypdyrlar.

Soňky döwürlerde paýtagtda köpçülik ýerlerinde wideokameralary goýmak adaty bir ýagdaýa öwrüldi. Wideokameralary köçelerde, döwlet edara-kärhanalarynda görmek bolýar. Esasanam, paýtagtyň merkezi raýonlarynda we protokol köçelerinde wideokameralar has köp.

Mysal üçin, Arçabil prospektinde has-da köp wideokameralary görmek bolýar. Bu köçäniň takmynan her 50-60 metrinde bir wideokamera goýlupdyr. Täze awtobus duralgalarynyň hem ählisinde wideokameralar goýulýar.

Geçen ýyl bolsa hususy kommersiýa dükanlarynda hem wideokameralary goýmak talap edildi. Olaryň azyndan iki sany wideokameralary goýmalydygyny ýerli bölüm polisiýa işgärleri aýlanyp, duýduryp çykypdyrlar.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG