Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG Ukraina babatynda aladalanýar


Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Ýuriý Serheýew Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda, 12-nji noýabr, 2014.
Ukrainanyň BMG-däki ilçisi Ýuriý Serheýew Howpsuzlyk geňeşiniň maslahatynda, 12-nji noýabr, 2014.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşi Ukrainadaky krizis boýunça 26-njy gezek adatdan daşary maslahatyny geçirdi. Bu sapar hem BMG-niň resmileri gündogar Ukrainada netijeli hereket edilmese, ýakyn wagtda “uly möçberli” söweşleriň başlanmagynyň ähtimaldygyny duýdurdylar.

Howpsuzlyk Geňeşiniň 12-nji noýabrdaky maslahaty NATO-nyň baş resmileriniň Orsýetiň “köp sanly tank kerwenleriniň”, artilleriýa toplarynyň we uçar birlikleriniň 10-njy noýabrdan bäri Orsýetden gündogar Ukrainada separatistleriň gözegçiligindäki giňişliklere aşyrylandygyny tassyklamagynyň yzysüre geçirildi.

BMG-niň Baş sekretarynyň syýasy meseleler boýunça kömekçisi Jens Anders Toyberg-Frandzen 12-nji noýabrda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda “uly möçberli söweşleriň gaýtadan başlanmagynyň ähtimallygynyň çuňňur alada döredýändigini” belledi.

Şeýle-de ol Ukrainanyň ençeme aýlap uzaga çekip biljek gaýnap duran konflikt bilen ýüzbe-ýüz bolup biljekdigini we munuň betbagtçylyga getirjekdigini belledi, ýa-da Ukrainanyň “doňdurylan” konflikt zonasyna öwrülip, munuň ýyllara we, belki-de onlarça ýyla çekip biljekdigini duýdurdy.

Moskwa NATO-nyň Ýewropadaky ýokary derejeli resmisi general Filip Breedlowyň Orsýetiň harby tehnikasynyň Ukrainanyň serhetlerini kesip geçendigi baradaky çaklamalaryny inkär etdi.

Moskwa Orsýetiň ýaragly güýçleriniň gündogar Ukrainada bardygyna hiç hili subutnamanyň ýokdugyny aýdýar.

12-nji noýabrda ÝHHG-niň Ukrainadaky ýörite gözegçiler missiýasynyň metbugat wekili Michael Boçiurkiw Azat Ýewropa/Azatlyk Radiosynyň Ukrain gullugy bilen söhbetdeş bolup, “Şenbe gününden bäri biziň synçylarymyz Donetsk şäheriniň golaýynda 126 sany hiç hili belgisiz harby ulagy gördi” diýip habar berdi.

Orsýetiň BMG-däki wekili Howpsuzlyk Geňeşiniň maslahatynda eden çykyşynda Kremliň adyna häzirki wagtda edilýän halkara tankytlaryň “ýene bir propaganda basyşy bolup, onuň [häzir] gülläp ösýändigini” görkezdi diýdi.

BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň adatdan daşary maslahaty Waşingtonyň çagyryşy boýunça geçirildi.

XS
SM
MD
LG