Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G20 sammitinde Ukraina üns merkezinde bolar


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin bilen Günbataryň liderleriniň arasyndaky dartgynlylyklar Awstraliýanyň paýtagty Brisbanda geçiriljek “G20 sammitiniň” dowamynda üns merkezinde bolar.

Awstraliýa dünýäniň ykdysady taýdan kuwwatly 20 ýurdunyň gatnaşmagyndaky toparyň 15-16-njy noýabrda geçiriljek sammitinde täze iş orunlaryny döretmäge, salgyt hilegärlikleriniň üstüni açmaga we global ykdysadyýeti berkitmäge üns beriljekdigini aýtdy.

Bu sammit Russiýanyň ýaraglarynyň we goşunynyň ukrain serhedinden geçendigi barada peýda bolan täze maglumatlaryň yzýany, gündogar Ukrainadaky konflikt bilen baglanyşykly dartgynlylyklar artýan mahaly bolup geçýär.

Moskwa Ukrainadaky konfliktde orsparaz separatistlere kömek etmek maksady bilen harby goldaw ugradandygy baradaky maglumatlary ret edýär. Bu konfliktde aprel aýyndan bäri 4 müňden gowrak adam öldi.

XS
SM
MD
LG