Sepleriň elýeterliligi

Russiýa Fransiýa duýduryş berdi


Moskwa Fransiýa şu aýyň ahyryna çenli “Mistral” kysymly hüjüm ediji gämini Russiýa gowşurmasa, onda munuň “çynlakaý” netijeleriniň boljakdygy barada duýduryş berdi.

2011-nji ýylda gol goýlan 1,5 milliard amerikan dollaryna barabar ylalaşyga laýyklykda, dikuçarlary göteriji “Mistral” kysymly iki gäminiň biriniň 14-nji noýabrda Russiýa gowşurylmagy göz öňünde tutulýardy.

Emma Fransiýa Moskwanyň ukrain krizisindäki roly sebäpli gämini Russiýa gowşurmagy soňa goýdy.

Russiýanyň “RIA Nowosti” atly döwlete degişli habar gullugynyň ady köpçülige mälim edilmeýän Moskwanyň ýokary derejeli çeşmelerine salgylanyp berýän maglumatynda “biz dürli senariýlere taýýarlyk görýäris. Biz şu aýyň ahyryna çenli garaşýarys, soňra biz käbir möhüm aýyplamalary öňe süreris” diýilýär.

XS
SM
MD
LG