Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Astana: Türmedäki ýazyjy gynalmaýar


Gazak tussaghanasynyň resmileri adam hukuklaryny gorap çykyş edýän toparyň tussaglykdaky ýazyjy Aron Atabekiň gynamalar sezewar edilendigi baradaky maglumatyny ret edýär.

Gazagystanyň Pawlodar şäherindäki türmäniň müdiri Ernur Saspanow 14-nji noýabrda Azatlyk Radiosyna beren maglumatynda Atabek “oňa garşy islendik bikanun iş ederlikden örän tanymal şahsyýet” diýdi.

10-njy noýabrda düýbi Almatyda ýerleşýän “Ar.Ruh.Hak” atly hökümete degişli bolmadyk gurama Atabekiň “türmede gynamalara sezewar” edilýändigini aýdypdy.

Şeýle-de, guramanyň maglumatynda türme sakçylary Atabekiň saglygyna zyýan ýetirmek üçin ýokary derejede hlor garyndyly suwy onuň bolýan kamerasynyň zeminine bilkastlaýyn dökdüler diýilipdi.

61 ýaşyndaky Atabek ýurtda bir polisiýa ofiseriniň ölümine sebäp bolan protestleri guramalaşdyrmaga kömek etmekde höküm edilip, 2007-nji ýylda 18 ýyl türme tussaglygyna höküm edilipdi.

XS
SM
MD
LG