Sepleriň elýeterliligi

Ukraina: Gepleşikleri geçirmek manysyz


Ukrainanyň howpsuzlyk boýunça maslahatçysy Kiýew pitneçileriň kontrollugyndaky Donetsk we Luhanks regionlarynda 5-nji sentýabrda gol goýlan ýaraşyk ylalaşygynyň şertleri berjaý edilýändigi barada kanagatlanýança, orsparaz separatistler bilen täze parahatçylyk gepleşikleriň geçirilmeginde hiç hili manynyň ýokdugyny aýdýar.

Ukrainanyň Howpsuzlyk gullugynyň başlygynyň geňeşçisi Markian Lubkiwskiý 13-nji noýabrda “1+1” telekanalyna beren interwýusynda “Bizde ‘Minsk-1’ ylalaşygy barka, ‘Minsk-2’ ylalaşygy bolmaz” diýip, “Ukraina ‘Minsk-1’ ylalaşygyny ýerine ýetirýär, emma terroristler muny berjaý etmeýär” diýdi.

Ukrainanyň daşary işler ministri Dmitriý Kuleba hem, Kiýew diňe bar bolan ylalaşyk berjaý edilen mahaly, gepleşiklere dowam eder diýdi.

Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada 5-nji sentýabrda gol goýlan ylalaşyga garamazdan amala aşyrylan çaknyşyklarda ýüzlerçe adam öldürildi. Bu çaknyşyklary amala aşyrmakda iki tarap hem bir-birini aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG