Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gürjü prezidenti parlamente çagyryş etdi


Gürjüstanyň prezidenti Giorgi Margwelaşwili kanun çykaryjylara ýurduň syýasy krizisiň içindedigini duýduryp, palamente “Ýewropa ýolunda birleşmäge” çagyryş etdi.

14-nji noýabrda gürjü parlamentinde eden çykyşynda Margwelaşwili ýurduň Ýewropa Bileleşigi we NATO bilen intergrasiýasyna jogapkär üç kabinet ministriň wezipeden gitmegi, Gürjüstanyň geljegi barada ýurduň içinde we daşynda çynlakaý soraglaryň döremegine sebäp boldy diýdi.

Şeýle-de, ol premýer-ministr Irakli Garibaşwiliniň hökümetini gyýtaklaýyn eden tankydynda: “Soňky ýyllarda edaralara hormat goýmazlygyň hem-de barlaglaryň we deňagramlylygyň prinsiplerini ýok hasap etmekligiň döwlet sistemasy üçin kynçylyklary döretjekdigini ençeme gezek belläpdim. Häzirki wagt aýdanym boldy” diýdi.

Garibaşwili 4-nji noýabrda Gürjüstanyň daşary işler ministri Irakli Alasaniýany wezipesinden çetleşdiripdi.

XS
SM
MD
LG