Sepleriň elýeterliligi

Habardan soň nobatlar azaldy


Alyş-çalyş nokatlaryň öňünde nobata duran adamlaryň sany indi 10-dan köp däl.

Alyş-çalyş nokatlaryň öňünde nobata duran adamlaryň sany indi 10-dan köp däl.

Düýn, 13-nji noýabrda, Türkmen telewideniýesiniň “Watan” programmasynda “Il arasynda milli manadyň amerikan dollaryna bolan gatnaşygynyň üýtgemegi bilen baglanyşykly hiç bir tutarygy bolmadyk esasda dowluň ýaýramagyna sebäp bolýanlaryň bardygy” we “hukuk goraýjy organlaryň birnäçe adamyny ele salandyklary” barada habar berildi.

Şol reportaždan soň şu gün paýtagtyň walýuta alyş-çalyş nokatlarynda nobata durýan adamlaryň sany azaldy. Öňler ir bilen 40-50 adamly nobatlar döreýän bu alyş-çalyş nokatlaryň öňünde nobata duran adamlaryň sany indi 10-dan köp däl. Käbirlerinde bolsa asla nobat bolmaýan wagty hem bar. Mysal üçin, "Owadan" hyzmatlar öýünde ýerleşýän alyş-çalyş nokadynda günortadan soň nobat ýokdy.

Şeýle-de walýuta alyş-çalyş nokatlarynda öňki ýaly dollar ýetmezçiligi hem duýlanok. Ýöne walýutany satyn almak boýunça girizilen çäklendirmeler saklanyp galýar. Mälim bolşy ýaly, alyş-çalyş nokatlarynda bir adama bir müň amerikan dollaryndan köp walýuta satylmaýar. Özi-de şol adam şol alyş-çalyş nokadyndan günüň dowamynda diňe bir gezek walýuta satyn alyp bilýär.

ABŞ-nyň dollaryna bolan degişli hümmetiniň üýtgewsiz galýandygyny habar berýän bildirişler

ABŞ-nyň dollaryna bolan degişli hümmetiniň üýtgewsiz galýandygyny habar berýän bildirişler

Elbetde, edil ozalkysy ýaly, paýtagtda propiskasy ýa-da ýazgysy bolmadyk raýatlar hem Aşgabadyň çäginde ýerleşen alyş-çalyş nokatlaryndan walýuta satyn alyp bilmeýärler. Walýuta satyn aljak adam hökman şahsyýetini tassyklaýan dokument bilen alyş-çalyş nokadyna barmaly. Munuň üçin, esasan, pasport talap edilýär. Pasportdan gaýry şahsyýetnamalar kabul edilmeýär.

Mysal üçin, studentleriň student bileti ýa-da sürüjileriň sürüji şahadatnamasy kabul edilmeýär. Şeýle-de, düzgün boýunça harbylara harby bilet boýunça walýuta satyn almaga rugsat edilen-de bolsa, käbir harbylar käte harby bilet bilen walýuta satyn alyp bolmaýandygyny aýdýarlar.

Walýuta satylanda ýazylýan çeke hem walýuta söwdasyny eden adamynyň ady, atasynyň ady we familiýasy ýazylýar. Şeýle-de onuň şahsyýetini tassyklaýan dokumentiniň nomeri we seriýasy ýazylýar. Mundan öň, ýagny noýabryň 11-den öň, beýle ýagdaý ýokdy.

Şol bir wagtda hem dollar “gara bazarynda” dollaryň hümmeti resmi kursdan birneme ýokarylygyna saklanýar. Ýeri gelende belläp geçsek, soňky günler polisiýa işgärleriniň “dollarçylary” kowýandyklary we olaryň tutulýan halatlarynyň hem bardygy aýdylýar.

Öňki aýdylyşy ýaly, häkimiýetler dollar söwdasynda emele gelen ýagdaý barada penşenbe gününe çenli hiç hili maglumat bermeýärdiler. Degişli döwlet ýolbaşçylary emele gelen bu ýagdaýy halka düşündirip, hiç hili çykyş hem etmediler.

Indi walýuta alyş-çalyş nokatlarynda şol nokatlaryň administrasiýasynyň manadyň ABŞ-nyň dollaryna bolan degişli hümmetiniň üýtgewsiz, ýagny ozalkylygyna galýandygyny habar berýän bildirişler asylypdyr.

XS
SM
MD
LG