Sepleriň elýeterliligi

“Žurnalistika ýok, propaganda bar”


"Watan" habarlar gepleşiginiň başynda peýda bolýan sagat

"Watan" habarlar gepleşiginiň başynda peýda bolýan sagat

Türkmen mediasy penşenbe güni ýurtda dörän dollar ýagaýy bilen baglylykda ýörite bir reportaž berip, bu ýagdaýa “jogapkär” diýilýän on töweregi adamy hem görkezdi. Türkmen telewideniýesiniň alypbaryjysy gürrüňi gidýän şahsyýetleri tanyşdaranda, paýyş, kemsidiji, hatda “haram” diýen ýaly sözleri hem ulanyp, olara hut öz tarapyndan aýyplama-da bildirdi.

Eýse, žurnalistikanyň ykrar edilen halkara düzgünlerine, etikasyna görä, haýsydyr bir habarçynyň efirde özüni şeýle alyp barmagy näderejede kabul ederlikli?

Azatlyk Radiosyndan Merdan Saryýew bu soragy düýbi Fransiýada ýerleşýän "Serhetsiz Reportýorlar" guramasynyň Ýewraziýa bölüminiň müdiri Ýohan Bire berdi.

Azatlyk Radiosy: Ýohan, penşenbe güni Türkmenistanyň resmi mediasynyň habarçysynyň efirde özüni alyp barşyna siz nähili baha berýärsiňiz? Bu žurnalistikanyň kabul edilen etikasyna näderejede gabat gelýär?

Ýohan Bir: Türkmenistanyň žurnalistiniň bu hereketi, elbetde, kabul edip bolmajak bir zat. Hawa, dogry, žurnalistikanyň hem dürli ugurlary bar. Žurnalistikanyň bir görnüşinde şahsy pikire, garaýşa hem ýol berilýär. Bu hem žurnalistiň hakykatyň, adalatyň gözleginde edýän öz şahsy bellikleri bolýar.

Ýohan Bir

Ýohan Bir

Emma žurnalistikanyň bu ugrunda-da hiç haçan adamy kemsitmäge, onuň şahsyýetini kiçeltmäge ýol berilmeýär. Bu, halkara standartlary barada aýtmanyňda-da, her bir ýurduň öz kanunçylygynda-da jenaýat hökmünde kabul edilmelidir.

Penşenbe güni efire goýberilen reportaž Türkmenistandaky žurnalistikanyň derejesini açyk-aýdyň görkezdimikä diýýärin. Biz türkmensitanly žurnalistleriň hökümetiň häzirki ýagdaýda “saýlan [anyk] pidalaryna” barmak çommaldyp, olary kemsidendigini gördük. Beýle zatlaryň – habarçylyk we žurnalistika bilen hiç hili ilteşigi hem bolup bilmez. Bu “gurban edilenleri” biabraý etmekden we göz-görtele döwlet propagandasyndan başga hiç bir zat däl.

Düýnki reportažda habarçynyň žurnalistikanyň prinsiplerinden çykmagy bilen birlikde onuň adalat prinsiplerine hem ähmiýet bermeýändigini görse bolýar. Hiç bir adama, suduň çykaran resmi karary bolmazdan, nähilidir bir jenaýaty ýöňkäp bolmaýar.

Azatlyk Radiosy: Ýohan, ýaňy siz bir adamyň, hususan-da habar serişdesiniň bir wekili tarapyndan kemsidilmeginiň islendik ýagdaýda bikanundygyny bellediňiz. Ýadyňyzda bolsa, Türkmenistan Media barada täze kanuny hem kabul edipdi. Ol ýerde şunuň ýaly ýagdaýlar kanuny tertipde düzgünleşdirilmeýärmi?

Ýohan Bir: Bu kanun bir ýyl töweregi mundan ozal kabul edilen wagty-da biz onuň hiç haçan durmuşa geçmejekdigini duýdurypdyk. Türkmen hökümeti media serişdelerini öz penjesinde saklmagy dowam etdirýän wagty ne bu kanunyň şertleri berjaý ediler, ne žurnalistler goralar, ne-de žurnalistik etika berjaý ediler.

Häzirki ýagdaýda Türkmenistanda žurnalistika bar diýip aýdyp bolmaýar, ýurtda diňe hökümetiň propagandasy höküm sürýär.

XS
SM
MD
LG