Sepleriň elýeterliligi

"Günäkärler" dollar gytçylygyny doredip bilýärmi?


Amerikan dollary

Amerikan dollary

Türkmenistanyň döwlet telewideniýesi ýurtda dollar gytçylygynyň döremegine jogapkärleriň tutulandygyny habar berdi. Döwlet telewideniýesiniň “bidüzgünçilikli hereketlere” baş goşan, diýlip görkezen ondan gowrak adamyň arasynda, hususan-da, Döwlet täjirçilik bankynyň kassiri we onuň ýolbaşçysy walýutany bikanun nagtlaşdyrandygyny gürrüň berdiler, beýlekileriň käbiri “uly möçberde daşary ýurt pullaryny nagt görnüşinde ýurduň daşyna çykarmakçy bolanda” tutulandygyny habar berdi.

Günäkär diýlip görkezilen adamlaryň agzan hereketleriniň möçberi, ykdysady nukdaý nazardan Türkmenistanyň walýuta-maliýe durnuklylygyny sarsdyrmagy mümkinmi?

Azatlyk Radiosy Türkmenistanyň Merkezi Bankynyň öňki ýolbaşçysy, ykdysadyýetçi Hudaýberdi Orazowdan pikir sorady.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG