Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

G20 rus 'agressiýasyny' maslahatlaşar


G20 sammite başlady, 15-njy noýabr, Brisben.
G20 sammite başlady, 15-njy noýabr, Brisben.

Awstraliýanyň Brisben şäherinde, 20-ler toparynyň dünýä liderleriniň gatnaşmagynda geçirilýän iki günlük sammitinde Orsýetiň ukrain krizisindäki roly esasy orun alýar.

Prezident Barak Obama 15-nji noýabrda Brisbeniň Kwinsland uniwersitetinde eden çykyşynda Birleşen Ştatlar «Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasyna garşy durmakda» dünýä öňbaşçylyk edýär diýdi. Ol Orsýetiň Ukrainadaky agressiýasyny «dünýä abanýan howp» hökmünde suratlandyrdy.

Obama Orsýet tarapyndan abanan global howp «MH17 uçarynyň aýylganç urlup ýykylmagynda», - Malaýziýanyň Howaýollarynyň ýolagçy uçarynyň 17-nji iýulda gündogar Ukrainada, Orsýet tarapyndan goldanylýan separatisitler tarapyndan Orsýet tarapyndan berlen diýlip güman edilýän raketa bilen urlup ýykylmagynda göründi diýdi.

Şonda uçaryň üstündäki 298 adamyň ählisi, şol sanda Awstraliýanyň 38 raýaty we ýaşaýjysy hem heläk bolupdy.

Obama awstraliýaly diňleýjilerine ýüzlenip şeýle diýdi: «Siziň ýaranyňyz we dostuňyz hökmünde, Amerika awstraliýaly maşgalalaryň gaýgy-gamyna şärik we biz siziň döwletiňiziň adalat we jogapkärçilik babatdaky tutanerliligine raýdaş.»

G20 toparynyň sammitinde Ukraianadaky konflikt resmi taýdan gün tertibine girizilmedik hem bolsa, bu barada 16-njy noýabrda, Obama we ÝB liderleri, sammitiň gapdalyndan maslahat etmeli.

"Durnuksyz ýagdaý"

BMG-niň Baş sekretary Ban Ki-mun Brisbende «häzirki ýagdaý dünýä parahatçylygy we ykdysadyýeti üçin durnukly däl» diýdi.

Ban dünýä liderlerini, «hususan-da G20-de bile oturan amerikan, ýewropa we rus liderlerini bu meseläni ara alyp maslahatlaşmaga» çagyrdy.

Ýewropa Geňeşiniň prezidenti Herman Wan Rompuy Brisbende 15-nji noýabrda žurnalistlere, geçen hepde ukrain hökümeti bilen NATO-nyň Ýewropadaky ýokary derejeli komandiriniň aýdan zatlaryny gaýtalap, Moskwa gündogar Ukraina goşun we agyr ýaraglary iberdi diýdi.

Wan Rompuy, Orsýet rus territoriýasyndan ýaraglaryň we esgerleriň dökülmesi togtadylýança we eýýäm Ukrainada ýerleşýän rus goşunlary yzyna çykarylýança, ÝB Orsýete garşy temmi çärelerini mundan aňryk hem güýçlendirer diýdi.

Şeýle-de ol Orsýet orsýetçi separatistler babatdaky täsirlerini ulanyp, olaryň 5-nji sentýabrda baglaşylan, emma günde diýen ýaly bozulýan ýaraşyk ylalaşygynyň şertlerini ýerine ýetirmegini gazanmaly diýdi.

German kansleri Angela Merkel 14-nji noýabrda, Brisbene gelmezinden öň Orsýet tarapyndan gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistlere ýarag eltilýändigi baradaky habarlardan özüniň örän alada galandygyny aýtdy.

Merkel Orsýeti Ukrainanyň toprak bütewiligini bozmakda aýyplady we bu meseleleriň G20 toparynyň duşuşyklarynyň gapdalyndan maslahat ediljegini aýtdy.

Brisbene 14-nji noýabrda gelen rus prezidenti Wladimir Putin Orsýetiň gündogar Ukraina goşun we ýarag iberendigini ret etmegi dowam edýär.

Ol 14-nji noýabrda Orsýetiň TASS habar gullugyna beren interwsynda Orsýete garşy ABŞ, ÝB we beýleki günbatar döwletleri tarapyndan girizilen ykdysady sanksiýalar G20-niň prinsiplerine we halkara kanunçylygyna garşy gelýär diýdi.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG