Sepleriň elýeterliligi

Bagdatda 17 adam öldürildi


Bagdatda bolan iki ulag partlamasy azyndan 17 adamy öldürdi, 50-den gowrak adamy bolsa ýaralady.

Medisina we howpsuzlyk resmileri 14-nji noýabrdaky partlamalaryň biriniň Tigir derýasynyň golaýynda, Greýat etrabynda bolup, azyndan 7 adamy öldürendigini aýtdylar.

Beýleki partlama Adhamiýa etrabynda, restoranyň ýanynda bolup, 10 adamy öldüripdir.

XS
SM
MD
LG