Sepleriň elýeterliligi

Gazak resmileri korrupsiýada aýyplandy


Gazagystanyň günbataryndaky nebite baý Atyrau welaýatynyň ozalky häkimi Bergeý Rysgalyýewiň egindeşleriniň bir topary korrupsiýa aýyplamalary esasynda türmä basyldy.

22 adamy galplykda, döwlet emlägini ogurlamakda we wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmakda aýyplan sud seljerişligi tas bir ýyllap dowam etdi.

Atyrau regional sudy 14-nji noýabrda sud edilenleriň 15-sini iki ýyldan 15 ýyl aralygynda türme tussaglygyna höküm etdi.

Aýyplanýanlaryň ikisine şertli iş kesildi, olaryň üçüsi barada, çagalary sebäpli, dürli-dürli hökümler çykaryldy.

Olar öz türme möhletlerini çagalary 18 ýaşanyndan soň doldurmaly bolarlar. Şol bir wagtda iki güman edilýäniň aklanandygy aýdylýar.

Rysgaliýew we onuň dogany Amanžan geçen ýyl wezipeden hyýanatçylykly peýdalanmakda we ogurlykda aýyplanyp, gaýybana sud edilipdi.

XS
SM
MD
LG