Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Owganystanda NATO esgeri öldürildi


NATO 15-nji noýabrda bir harby gullukçysynyň demirgazyk Owganystanda atylyp öldürilendigini aýtdy.

Beýanatda bu wakanyň 14-nji noýabrda bolandygy aýdylýar. Emma bu hüjüm baradaky jikme-jiklikler, wepat bolan esgeriň milleti barada hiç zat aýdylmaýar.

Bu ölüm şu ýyl ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň Owganystanda ölen wekilleriniň sanyny 61-e çykarýar.

Wepat bolanlaryň azyndan 45-si amerikan esgerleridir.

XS
SM
MD
LG