Sepleriň elýeterliligi

Owgan, Pakistan liderleri duşuşdy


Owgan prezidenti Aşraf Gani Yslamabatda Pakistanyň premýer-ministri Nawaz Şarif bilen duşuşdy.

Şarif gepleşiklerden soň Pakistanyň we Owganystanyň söwdany, maýa goýumyny giňeltmek we infrastrukturany ösdürmek arkaly «berk ykdysady hyzmatdaşlygy» döretmek barada ylalaşandygyny aýtdy.

Pakistan resmileri Gani Bilen Şariniň arasynda 15-nji noýabrda geçirilen gepleşikleriň giň gerimli bolandygyny aýtdylar.

Gani bir gün öň prezident Mamnun Husssaýn we birnäçe geňeşçi, şol sanda Pakistanyň maliýe ministri Ishak Dag bilen duşuşdy.

Gani bilen Şarif howpsuzlyk meseleleri, bilelikde tälim operasiýalaryny geçirmek barada hem maslahat etdi.

XS
SM
MD
LG