Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Tankytlanan Putin sammitden ir gaýtdy


Putin özüniň, öz erkine bagly bolmadyk wakalar zerarly, adalatsyz tankyt edilýändiginden şikaýat etdi.
Putin özüniň, öz erkine bagly bolmadyk wakalar zerarly, adalatsyz tankyt edilýändiginden şikaýat etdi.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 16-njy noýabrda, dünýä liderlerinden Moskwanyň ukrain krizisindäki roly babatda berk tankyt eşideninden soň, G20 sammiti soňlanmazyndan öň, Awstraliýany terk etdi.

Putin žurnalistleriň saýlanan bir toparyna metbugat ýygnagyny bermek we sammite beýemçilik edýän lider, Awstraliýanyň premýer-ministri Toni Abbotyň metbugat üçin belliklerini öňünden ýalana çykarmak bilen, protokol düzgünlerini bozdy.

Ol şondan soň, G20-niň jemleýji jarnamasy çap edilmezinden öň, ýurdy terk etdi.

Biraz öň Kreml Putiniň ol ýerden, Moskwanyň gündogar Ukrainadaky orsýetçi separatistlere berýän goldawy üçin ýüzbe-ýüz bolan halkara tankydy zerarly, ir gaýtjakdygy baradaky habarlary ret edipdi.

Putin rus goşunlarynyň we agyr ýaraglarynyň Ukrainada ýerleşdirilendigini ret etmegi dowam etdirýär.

"Adalatsyz tankyt"

Ol rus telewideniýesinde efire berlen metbugat ýygnagynda özüniň, öz erkine bagly bolmadyk wakalar zerarly, adalatsyz tankyt edilýändiginden şikaýat etdi.

Emma muňa garamazdan, ol bu ýygnanyşygyň atmosferasyny «konstruktiw» diýip atlandyrdy, «biziň käbir garaýyşlarymyz gabat gelmedi, emma diskussiýalar doly, konstruktiw we örän peýdaly boldy» diýdi.

Şeýle-de ol Abbota, soňky günlerde onuň Putini berk tankyt edendigine garamazdan, bu maslahata beýemçilik edendigi üçin, sagbolsun aýtdy.

Putiniň ýurduna dolanmagy prezident Barak Obamanyň 16-njy noýabrda Abbot we Ýaponiýanyň premýer-ministri bilen duşuşmagynyň we bilelikde beýanat çap etmeginiň yz ýanyna gabat geldi.

Beýanatda olaryň «Orsýetiň Krymy anneksiýa etmegine we gündogar Ukrainadaky durnuksyzlandyryş hereketleri diýilýäne garşy durmakda, MH17 uçaryny urup ýykmakda günäkär bolanlary jogapkärçilige çekmekde birleşendigi» aýdylýar.

"Dünýä abanýan howp"

Orsýet orsýetçi separatistleri BUK ýer-asman raketa sistemasy bilen üpjün etmekde aýyplanýar, Malaýziýanyň Howaýollarynyň MH17 uçary şol sistema arkaly urlup ýykylandyr öýdülýär. Uçar ýykylanda, onuň üstündäki 298 adam wepat bolupdy.

Prezident Obama 15-nji noýabrda MH17 uçarynyň urlup ýykylmagy «Orsýetiň Ukraina garşy agressiýasynyň» «dünýä abanýan howpdugyny» görkezdi diýdi.

Obama G20 sammitiniň soňunda žurnalistlere, Ukrainadaky ugruny üýtgetmese, Orsýet has çuň izolýasiýa töwekgelligine uçraýar diýdi.

Şu arada G20 sammitindäki beýleki dünýä liderleri Putiniň gündogar Ukrainada rus güýçleri ýok diýen sözlerini il ortalaýyn ret etdiler.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG