Sepleriň elýeterliligi

logo-print

G20 ösüşi planlaşdyrýar


G20-niň Awstraliýadaky sammitine gatnaşan liderler özleriniň 2018-nji ýylda 2 trillion dollardan gowrak global ösüş gazanmak planyny işläp düzendiklerini aýtdylar.

Bu işiň infrastruktura maýasyny we söwdany ilerletmek bilen amala aşyryljagy aýdylýar.

Sammitiň beýemçisi, Awstraliýanyň premýer-ministri Toni Abbot 16-njy noýabrda sammitiň jemleýji jarnamasy bilen tanyşdyrdy. Işlenip düzülen plana görä, häzirki çaklamalar netijesinde, global ösüşiň 2.1 prosent bolmagyna garaşylýar. Şeýle-de bu plan iş ýerlerinde aýallaryň orun almagyndaky päsgelçilikleri azaldyp, 2025-nji ýylda 100 million aýalyň köp işe ýerleşmegini nazarda tutýar.

Şeýle-de G20 migrant işçileriň öz ýurtlaryna iberýän pullarynyň çykdajy harajadyny azaltmagy nazarda tutýar.

XS
SM
MD
LG