Sepleriň elýeterliligi

logo-print

YD jellady ýaralanandyr öýdülýär


Britan hökümeti ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky howa zarbalarynyň Yrakda günbatar zamunlarynyň kellesini kesmekde güman edilýän YD jelladyny ýaralandygy baradaky habarlary derňeýär.

YD-nyň çap eden kelle kesiş wideolarynda görkezilýän jeňçiniň britaniýalydygy çak edilýär.

Britaniýanyň “Mail on Sunday” gazeti “Jyhadçy Jon» diýilýäniň siriýa serhediniň golaýynda, YD liderleriniň maslahatyna gatnaşýan wagty howa zarbasyna uçran bolmagynyň çaklanylýandygyny ýazýar.

Bu habarda 8-nji noýabrdaky hüjümde YD lideri Abu Bakr al-Bagdady hem ýaralanyp, beýleki ýaraly jeňçiler bilen Siriýa, Rakkadaky keselhana äkidilendir diýip çak edilýändigi aýdylýar.

Britaniýanyň Daşary işler ministrligi bu habarlary tassyklap bilmeýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG