Sepleriň elýeterliligi

Tähran Paşaýi bilen hoşlaşýar


 Morteza Paşaýi

Morteza Paşaýi

16-njy noýabrda Tähranyň 740 orunlyk opera öýünde, ýurduň iň meşhur aýdymçy-sazandalarynyň çykyş edýän Wahdat zalynda Eýranyň meşhur aýdymçysy Morteza Paşaýi bilen, soňky ýoluna ugradylmazyndan öň, hoşlaşyk dabarasy geçirilýär.

Paşaýiň müňlerçe muşdagy 14-nji noýabrda garyn düwnügi keselinden ýogalan aýdymçynyň hormatyna ýurduň çar künjegindäki şäherlerde şem ýakyp, köçede onuň aýdymlaryny aýtdy.

Azatlyk radiosynyň Pars gullugy käýerlerde polisiýanyň aýdymçynyň muşdaklary bilen çaknyşyp, olaryň käbirini tussag edendigini habar berýär.

30 ýaşyndaky Paşaýiň düwnük diagnozy sentýabryň aýagynda yglan edildi. Emma ol keseline garamazdan, aýdym-saz älemindäki işjeňligini dowam etdi.

Bagşy 3-nji noýabrda Tähranyň Bahman hassahanasynyň reanimasiýa bölümine ýerleşdirildi we ölümine çenli şol ýerde saklanyldy.

XS
SM
MD
LG