Sepleriň elýeterliligi

Tbiliside 30 müň adam proteste çykdy


15-nji noýabrda Gürjüstanyň paýtagtynda 30 müňden gowrak adam hökümetiň orsýet syýasatyna we Kremliň bölüniji Abhaziýa we Günorta Osetiýa regionlaryndaky separatistleri goldamagyna garşy proteste çykdy.

Protestçiler gürji we ukrain baýdaklaryny, «Putin, saklan» diýen ýazgyly plakatlary göterip, ozalky prezident Mihail Sakaşwiliniň Birleşen Milli hereket partiýasynyň çagyryşlaryna eýerip, şäheriň esasy meýdançasyna ýygnandylar.

Sakaşwili öz adyny tutup gygyryşýan mähellä Kiýewden, wideo baglanyşyk arkaly ýüzlendi.

Sakaşwiliniň partiýasy Gürjüstanyň dolandyryjy koalisiýasyny Orsýetiň Abhaziýany we Günorta Osetiýany anneksiýa etmek niýetine garşy durmazlykda aýyplady.

XS
SM
MD
LG