Sepleriň elýeterliligi

Belgradda Günbatara garşy protest boldy


Merkezi Belgradda azyndan üç müň adam aşa milletçi Woýslaw Seseljiň hökümete garşy ýygnanaşygyna goşuldy.

Seselj ýygnanyşykda çykyş edip, özüniň Haaga tribunalyny «dargytjagyny» aýtdy, ol bu tribunal «serbleri diňe serb bolanlary üçin tussag edýär» diýdi.

BMG-niň ozalky Ýugoslawiýa boýunça Halkara jenaýat sudy 12-nji noýabrda Seseljiň Belgrada dolanyp, rak keselinden bejergi almagyna rugsat berdi.

60 ýaşyndaky Seselj «watançylary» hökümetiň Serbiýany Ýewropa Bileleşigine we NATO goşmak tagallaryna garşy durmaga çagyrdy.

Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç we premýer-ministri Aleksandar Wusiç Seseljiň ozalky ýaranlary, olar Seseljiň Serb Radikal partiýasyny 2008-nji ýylda terk etdiler. Seselj olary «dönük» atlandyrýar.

Seseljiň Haaga tribunalyndaky sudy 2012-nji ýylda, höküm çykarylman soňlandy.

XS
SM
MD
LG