Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Deputat aýal hüjümden gutuldy


Owgan polisiýasy deputat aýalyň kast ediş hüjüminden aman gutulandygyny, emma gapdalda duran üç raýatyň ölendigini aýdýar.

Bu partlama 16-njy noýabrda, Kabuldaky parlament jaýynyň ýanynda boldy.

Içeri işler ministrliginiň sözçüsi Şukriýa Barakzaýyň ýeňil ýaralar bilen gutulandygyny, hüjüm wagtynda ýene 20 çemesi adamyň ýaraly bolandygyny aýtdy.

Barakzaý aýallaryň hukuklary barada köp çykyş edýär we prezident Aşraf Ganinin ýakyn ýarany hasaplanýar. Ol özüne ölüm haýbatlarynyň atylýandygyny aýdýardy.

XS
SM
MD
LG