Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen-rus konsultasiýalary dowam edýär


Orsýet we Türkmenistan nebit-gaz pudagyndaky hyzmatdaşlyk meseleleri barada geňeşmegi dowam etdirýär.

«RIA Nowosti» habar gullugy bu habary Russiýa Federasiýasynyň wise-premýeri Arkadiý Dworkowiçe salgylanyp ýaýratdy.

«Nebit-gaz pudagyndaky perspektiwalar düşnükli, emma nebit-gaz meselesinde ýönekeý bolmadyk konsultasiýalar barýar, olar dowam edýär» diýip, wise-premýer aýdypdyr.

Rus resmisi söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça rus-türkmen hökümetara komissiýasynyň şenbe güni geçirilen maslahatyndan soň žurnalistlere «bu temada entek anyk ylalaşyklaryň ýokdugyny» habar beripdir.

Ýöne ol hökümetara komissiýasynyň maslahatynda rus kompaniýalarynyň Türkmenistandaky elektrik stansiýalaryny gurmak we gaýtadan gurmak meseleleri barada, gelejegi bar hyzmatdaşlyk hökmünde, gürrüň edilendigini aýdypdyr.

XS
SM
MD
LG