Sepleriň elýeterliligi

"Döwlet serişdesi harsallyga harçlanýar"


Prezident G.Berdimuhamedowyň eseri esasynda goýlan oýundan bir görnüş.

Prezident G.Berdimuhamedowyň eseri esasynda goýlan oýundan bir görnüş.

Türkmen telewideniýesi ýurduň prezidentiniň, beýleki kanun üýtgetmeleri, düzedişleri bilen bir hatarda, neşirýat işi, teatr işi baradaky kanun üýtgetmelerine hem gol çekendigini habar berýär.

Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanda kanunlary döwrebaplaşdyrmak, olaryň dünýä standartlaryna gabat gelmegi ugrunda uly işleriň alnyp barylýandygy habar berilýär.

Şol bir wagtda, Türkmenistanyň «Metbugat hakynda» täze kabul eden kanunynyň işlemeýändigi, ýagny şol kanundan soň türkmen metbugatynda suwytly bir özgerişligiň göze ilmändigi hakynda tankydy pikirler eşidildi.

Şonuň bilen bir wagtda, prezidentiň ilhalar eserler baradaky yzygiderli talaplaryna garamazdan, ýurtda ile meşhur teatr, kino eserleriniň, okyjylary begendirýän kitaplaryň köpelibermeýändigi aýdylýar.

Azatlyk radiosy Türkmenistanyň neşirýat işi, teatr işi baradaky kanun üýtgetmeleri bilen baglylykda, ýurtda neşir, teatr işlerine böwet bolýan praktiki kynçylyklar barada aşgabatly ýazyjy, dramaturg Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Bu söhbeti diňläp, ýurduň neşir, teatr işleri barada öz pikir-garaýyşlaryňyzy ýazsaňyz, söhbete goşulsaňyz, tejribeleriňizi paýlaşsaňyz, diýseň hoşal bolarys.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG