Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Wideo Kassigiň öldürilendigini aýdýar


Amerikan kömek işgäri Piter Kassig, Siriýa, näbelli ýer.
Amerikan kömek işgäri Piter Kassig, Siriýa, näbelli ýer.

16-njy noýabrda, hamala «Yslam döwleti» topary tarapyndan ýaýradylan wideo sünni ekstremist toparynyň amerikaly kömek işgäri Piter Kassigiň (Abdul Rahman Kassigiň) we siriýa esgeri diýip häsiýetlendirilýän birnäçe erkegiň kellesini kesendigini öňe sürýär.

16 minutlyk grafiki wideoda ýüzi perdeli adamyň Kassigiň kellesini kesendigini aýdyşy we kesilen kelläniň ýanynda durşy görkezilýär.

Şeýle-de bu wideo Siriýanyň harby gullukçylary diýip häsiýetlendirilýän azyndan 15 adamyň kellesiniň kesilişini suratlandyrýar.

Onda ýüzi perdeli jeňçileriň tussaglary getirişleri, gezekli-gezegine uzyn harby pyçaklary alyp, öz pidalaryny hatara dyza çökerişleri we olaryň kellelerini kesişleri görkezilýär.

Jeňçiler Birleşen Ştatlaryň esgerleriniň hem şeýle ykbala uçrajagyny duýdurýarlar.

Ozalky goşun gullukçysy, 26 ýaşyndaky Kassig yslam dinini kabul edip, Siriýanyň raýat urşunyň pidalaryna kömek edýän wagty, geçen ýyl ýesir alyndy.

YD tarapyndan ýaýradylandygy aýdylýan ozalky, 3-nji oktýabrdaky wideoda görkezilen perdeli jeňçi özleriniň Kassig diýip tanadan adamsyny öldürjegini aýdyp, haýbat atypdy.

Şol wideo ýaýradylandan soň, Milli howpsuzlyk geňeşi, ABŞ-nyň prezidenti özleriniň Kassigi azat etmek üçin mümkin bolan ähli zady etjekdiklerini aýdypdylar.

Maşgalasy Kassigiň goşun gullugyndan boşap, meýletinçi kömek işgärine öwrülendigini aýdypdy. Aýdylmagyna görä, ol yslam dinini kabul edipdir we Piter adyny Abdul Rahman Kassig diýip üýtgedipdir.

Bu wideo toparyň ozalky ulanan websaýtlarynda ýerleşdirildi. Emma onuň asyl nusgadygy bada-bat tassyklanylyp bilinmedi.

Birleşen Ştatlaryň prezidentine geňeş berýän Milli howpsuzlyk geňeşiniň beýanatynda Amerikanyň aňtaw resmileriniň bu wideonyň asyl nusgadygyny ýa däldigini kesgitlemegiň üstünde işleýändikleri aýdyldy.

«Eger tassyk bolsa, biz Amerikanyň bigünä kömek işgäriniň wagşylarça öldürilmegine juda gynanarys we onuň maşgalasyna we dostlaryna çuňňur duýgudaşlyk bildirýäris” diýip, beýanatda aýdylýar.

Kassigiň maşgalasy özleriniň «eziz oglunyň» ölümi baradaky habaryň resmi tassyknamasyna garaşýandyklaryny aýtdy.

Şeýle-de maşgala metbugaty kelle kesiş wideosyny görkezmekden saklanmaga çagyrdy.

YD ozal amerikan žurnalistleri Jeýms Foliý bilen Stiwen Sotlofyň, şeýle-de britaniýaly Deýwid Heýnesiň we Alan Henniňiň kelleleriniň kesilişini görkezýän wideolary ýaýradypdy.

Bu topar yrakly we siriýaly howpsuzlyk işgärleriniň onlarçasyny jezalandyryp öldüripdi.

Şeýle-de bu jeňçi topar özlerine garşy çykan yrakly we siriýaly tire wekilleriniň ýüzlerçesini öldüripdi, dini we etniki azlyklara hüjüm edipdi, aýallary gyrnakçylyga satypdy.

Iňlisçeden terjime eden Ýowşan Annagurban.

XS
SM
MD
LG