Sepleriň elýeterliligi

"Resminama almagy, para bilen çözdüm"


türkmenistanly käbir ýaşlar ýurtda resminama almak meselesinde käbir bökdençlikleriň bardygyny aýdýarlar.

türkmenistanly käbir ýaşlar ýurtda resminama almak meselesinde käbir bökdençlikleriň bardygyny aýdýarlar.

Ýokary bilimini daşary ýurtlarda dowam etdirýän türkmenistanly ýaşlaryň käbirleri okuwa girjek bolanda daşary ýurduň ýokary okuw jaýlary tarapyndan talap edilýän resminamany (Türkmenistandaky degişli mekdepde ýa-da ýokary okuw jaýynda okandygy hakyndaky dil haty) almakda dürli kynçylyklaryň bardygyny aýdýarlar.

Türkmenistanyň ýokary okuw jaýlary bu ugurda hat üsti bilen edilen ýüzlenmelere jogap bermekden saklanýar, şunlukda degişli dokumenti almak üçin kähalatlarda türkmenistanly ýaşlaryň Türkmenistana gitmäge mejbur bolýandyklary aýdylýar.

Ýaşlar gepleşigimiziň nobatdaky sanynda türkmenistanly ýaşlaryň resminama almak baradaky tejribeleri hakda Azat we Myrat bilen söhbetdeş bolduk. Söhbetdeşligi aşkadaky düwmä basyp diňläp bilersiňiz. Garaýyşlaryňyza, bellikleriňize aşakdaky teswir bölüminde garaşýarys.

XS
SM
MD
LG