Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: “Talyban” hüjümleri amala aşyrýar


Owganystanda ýüzlerçe “Talyban” söweşijisiniň ýurduň Farah welaýatyndaky Bala Buluk etrabynyň howpsuzlyk barlag-gözegçilik nokatlaryna we hökümet jaýlaryna sazlaşykly hüjümleri başladandygy habar berilýär. Bu barada owgan ýerli resmileri habar berýärler.

Gürrüňi gidýän etrabyň häkimi Mullah Said Muhammadyň berýän maglumatyna görä, 17-nji noýabrda söweşijiler regional hökümetiň we etrap polisiýasynyň baş edarasyna, şeýle-de birnäçe howpsuzlyk postlaryna hüjüm edipdirler.

Etrap häkimi: “Söweşijiler bilen howpsuzlyk güýçleriniň arasynda güýçli çaknyşyklar dowam edýär. Eger-de hökümet güýçlerine goşmaça goldaw ugradylmasa, etrabyň kontrollugy söweşijileriň gol astyna geçip biler” diýdi.

Şeýle-de, häkim çaknyşyklarda iki esgeriň we 15 sany “Talyban” söweşijisiniň öldürilendigini sözüniň üstüne goşdy. Bu wakada ölenleriň sanyny garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmady.

Bu hüjümler barada henize çenli “Talyban” hereketi beýanat bilen çykyş etmedi.

XS
SM
MD
LG